Awtoulag arkaly daşamak

Awtoulag köp maksatly ulag serişdesiniň görnüşi bolup durýar. Bular bilen harytlaryň islendik görnüşini daşamak bolýar. Howply, suwuk, gaty, uçýan, ýygnalýan, kiçi ölçegde, çalt zaýalanýan ýükleri daşamak üçin amatlydyr.
Bu iň ykjam ýük daşamagyň görnüşi bolup durýar. Zerur bolsa, ýoluň ugry hem düzedilip bilinýär.
Operatiwlik – ýene bir artykmaçlyklarynyň biridir. Daşamagy logistika kompaniýasyna ýüz tutan günüňizde hem amala aşyryp bilersiňiz.
Yzygiderli gözegçilik etmek mümkinçiligi - häzirki zaman hemra nawigasiýa ulgamlary arkaly ýerleşýän ýeriniň maglumatyny hakyky wagtda almaga mümkinçilik berýär.

Konteýnerler arkaly daşamak

Ýükleri uzak aralyklara daşamagyň iň amatly usuly deňiz üsti bilen konteýner arkaly daşamakdyr. Talap edilýän aýratynlyklar boýunça ýörite konteýnerler ulanylyp bilner. Multimodal we kontinentara ýükleri daşamak amala aşyrylýar.
Gaýtadan ulanylýan gaplaryň ulanylmagy ýükleri el bilen işlemek bilen deňeşdirilende öndürijiligi ýokarlandyrýar.Konteýnerleriň adaty aýratynlyklary bolup, dürli ýurtlaryň gulluklary tarapyndan daşalyp bilner. Modullar köp gezeklik ulanmak üçin niýetlenendir.
Şol bir wagtyň özünde ammarlarda zerurlyk hem kemelýar. Konteýnerde ýerleşdirilen ýük ygtybarly gorag astynda saklanýar.

Demirýollary arkaly daşamak

Demirýol sostawy ýokary ýük göterijilige eýedir. Demirýol ulagy köp tonnaly zatlary we gurluşlary daşap bilýär.
Howa şertleri - ýagyş, gar, yssy, sowuk daşalmagyna täsir etmeýär. Şeýle hem daşalýan zatlar üçin goşmaça gorag üpjün edilýär. Ýapyk wagonlar daşky gurşawdan goragy üpjün edýär.
Takyklyk - ulag takyk wagtda gelýär we ugradylýar. Iş tertibi üýtgedilmäge degişli däldir.

Howaýollary arkaly daşamak

Tizlik - harytlary howaýollary arkaly daşamagyň esasy artykmaçlygydyr. Howaýollary arkaly daşamak ýükleri daşamagyň beýleki görnüşlerinden has çalt daşamaga mümkinçilik berýär.
Howpsuzlyk - howaýollary arkaly daşamagyň ikinji artykmaçlygydyr. Ýükleriň howpsuzlygynyň iň ýokary derejesi üpjün edilýär.
Päsgelçilikleriň ýoklugy - deňizler, daglar, ýollar, ulag dyknyşyklary - bularyň hemmesi howaýollarynda bolmaýar.
Daşamagyň göwrümi- uçar diňe bir köp adamy däl, eýsem uly aralyklara köp tonnaly ýükleri daşamaga mümkinçilik berýär.

DELLALÇYLYK HYZMATLARY

Dellalçylyk hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürleýäris. Import, eksport we tranzit, gümrükde araçylyk üçin resminamalary doldurýarys. Rugsatnamalary, gelip çykyş şahadatnamalaryny, laýyklyk şahadatnamalaryny, fitosanitar we weterinariýa şahadatnamalaryny almakda we gaýtadan berilmeginde kömek edýaris.
MDP, CMR ýan ýol hatlaryny doldurýarys. Gümrük amallary we beýleki sanksionirlenen çäreler boýunça maslahatlar (gümrük amallaryna täzeden seretmek, gümrük amallaryny kämilleşdirmek boýunça teklipler); Müşderiniň tabşyrygy boýunça ýygymlary, aksizleri beýleki salgytlary we ýygymlary tölemek hyzmatyny hödürleýaris.